Karz hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl
Ortaça aýlyk tölegiňiz: 0

Сообщение об ошибке

  • Notice: Undefined offset: 1 в функции tb_megamenu_insert_tb_item() (строка 343 в файле /var/www/user398/data/www/senagatbank.gov.tm/sites/all/modules/tb_megamenu/tb_megamenu.functions.inc).
  • Notice: Undefined offset: 2 в функции tb_megamenu_insert_tb_item() (строка 343 в файле /var/www/user398/data/www/senagatbank.gov.tm/sites/all/modules/tb_megamenu/tb_megamenu.functions.inc).

Sarp ediş maksatlary üçin karzlar

 «Senagat» Paýdarlar täjirçilik banky  aşakdaky görnüşlerdäki karzlary hödürleýär:

  • “Türkmenistanda ýaş magalalaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini has-da gowlandyrmak hakynda”

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň

2-nji sentýabrynda çykaran 11817 belgili kararyna laýyklykda TMB-niň 2011-nji ýylyň 14-nji noýabrynda çykaran

65-ö belgili

Düzgünnamasyna laýyklykda ýyllyk 1%-li, möçberi 6 000 manada çenli nagt görnüşinde. ​Möhleti 3 ýyla çenli;

  • Raýatlara berilýän sarp ediş maksatly karzlary ýyllyk-15%-li   

Möçberi 15 000 manada çenli bolan nagt we nagt däl görnüşinde möhleti-2 ýyla çenli

Möçberi 15 001 manatdan 30 000 manat aralygynda nagt we nagt däl görnüşinde möhleti-3 ýyla çenli;

  • Raýatlara ipoteka karzlary üçin ýyllyk-8%-li. Möhleti 10 ýyla çenli.

Sarp ediş maksatlary üçin karzy almak üçin zerur resminamalar

Awtoulagy girewne goýup karz pul serişdesini almak üçin:
1.Karz alyjynyň arzasy
2. Karz alyjynyň (aýaly we adamsy) pasportyň asyl we göçürme nusgalary
3.Nika şahadatnamasynyň nusgasy ýa-da nikada durmaýanlygy hakynda RÝNÝ bölüminden delil haty.
4.Işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky barada Güwähat (milli manatda)
5.Karz alyjynyň zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy (tassyklanylan).
6. Ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada Güwähat (Forma № 3.)
7.Maşgala agzalarynyň pasportlarynyň göçürme nusgalary.
8. Maşgala agzalarynyň razylyk haty.
9. Alan karzyňy plastik kartyň üsti bilen gaýtarmak:
10.Zamunçynyň pasportynyň asyl we göçürme nusgalary.
- Zamunçynyň işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky barada Güwähat (ähli tutumlary görkezilmeli)
we zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy (tassyklanylan iş ýerinden).
11.Girew:
-awtoulag: Teh pasportynyň asyl we göçürme nusgalary, 4 sany surat (awtoulagyň iki gapdal we yz,
öň taraplarynyň suratlary), awtoulagyň girewde durmaýanlygy barada PÝGG-dan Güwähat.
12.Awtoulaga baha kesdirmeli
Karzy almak boýunça bildirilýän şertler
1.Zerurlyk ýüze çykan halatynda goşmaça resminamalaryň talap edilmegi.
 
Ýaş çatynjalara ýeňillikli karz:
1.Karz alyjynyň arzasy
2.Ýaş çatynjalaryň (aýaly we adamsy) pasportlarynyň asyl we göçürme nusgasy.
3.Nika şahadatnamasynyň asyl we göçürme nusgasy.
4. Aýalynyň we adamsynyň öň nikada durmaýandygy barada RÝNÝ bölüminden
kepilnama.
5.Işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky barada Güwähat (ähli tutumlar görkezilen)
(Eger-de hususy telekeçi bolan şahsy adamyň girdejileri üçin salgyt boýunça beýannamasy,
ähli tutumlar tutulandan soňra galan sap girdejisi görkezilen)
6.Karz alyjynyň zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy (tassyklanylan).
7. Ýaşaýan ýeri barada Güwähat (Forma № 3.)
8.Zamunçylaryň ikisiniň hem pasportlarynyň asyl we göçürme nusgalary.
9. Zamunçylaryň işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky barada Güwähat (ähli tutumlary görkezilmeli)
we olaryň zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy (tassyklanylan).
10. Alan karzyňy plastik kartyň üsti bilen gaýtarmak:
Karzy almak boýunça bildirilýän şertler
1. Är-aýalynyň ikisi hem 30 ýaşamadyk bolmaly.
2.Zerurlyk ýüze çykan halatynda goşmaça resminamalaryň talap edilip biliner.
 
Hususy ýaşaýyş jaýyny girewne goýup karz pul serişdesini almak
1.Karz alyjynyň arzasy
2. Karz alyjynyň (aýaly we adamsy) pasportyň asyl we göçürme nusgalary
3.Nika şahadatnamasynyň nusgasy ýa-da nikada durmaýanlygy hakynda RÝNÝ bölüminden delil haty.
4.Işleýän ýerinden aýlyk zähmet haky barada Güwähat
5.Karz alyjynyň zähmet depderçesiniň göçürme nusgasy (tassyklanylan).
6. Ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy barada Güwähat (Forma № 3.)
7.Maşgala agzalarynyň pasportlarynyň göçürme nusgalary.
8. Maşgala agzalarynyň razylyk haty.
9. Alan karzyňy plastik kartyň üsti bilen gaýtarmak:
10.Girew:
-hususy jaýy: Öý kitabynyň we tükelleýiş işiniň asyl we göçürme nusgalary.Türkmenistanyň Adalat
ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň
Döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugynyň şol jaýyň girewde durmaýandygy ýa-da
gadaganlyk girizilmedigi barada göçürmesi.
Karzy almak boýunça bildirilýän şertler
1.Zerurlyk ýüze çykan halatynda goşmaça resminamalaryň talap edilmegi.

Resminamalary ýüklemek

2 МБ.
gif jpg jpeg png pdf doc docx xls xlsx.

Biziň hyzmatlarymyz