Karz hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl
Ortaça aýlyk tölegiňiz: 0

Сообщение об ошибке

  • Notice: Undefined offset: 1 в функции tb_megamenu_insert_tb_item() (строка 343 в файле /var/www/user398/data/www/senagatbank.gov.tm/sites/all/modules/tb_megamenu/tb_megamenu.functions.inc).
  • Notice: Undefined offset: 2 в функции tb_megamenu_insert_tb_item() (строка 343 в файле /var/www/user398/data/www/senagatbank.gov.tm/sites/all/modules/tb_megamenu/tb_megamenu.functions.inc).

Pul geçirimleri

Ýanardag ulgamy

Ýanardag elektron pul geçirimleri

“Ýanardag” elektron pul geçirimleri ulgamy - bu ulgam ilatyň isleglerini kanagatlandyrmak üçin nagt pullaryny Türkmenistanyň çäginde tiz we amatly geçirmäge niýetlenilendir. Milli manadymyzdaky pul geçirimi fiziki şahslaryň arasynda bankymyzyň islendik bir şahamçasyndan başga bir islendik şahamçasyna bank hasabyny açmazdan geçirmek mümkinçiligi döredilendir. Pul geçirimi sanlyja minudyň içinde amala aşyrylýar.

“Ýanardag” elektron pul geçirimleri ulgamy 2003-nji ýylyň 17-nji fewralynda  Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan tassyklanylyp, 2003-nji ýylyň 24-nji fewralynda herekete girizildi.

“Ýanardag” elektron pul geçirimleri ulgamy  ilatyň arasynda tizligi, howpsuzlygy we amatlylygy bilen bellidir.                                               

Western Union pul geçirimleri

           

Senagat» Paýdarlar täjirçilik banky Täze Galkynyşlaryň we beýik özgertmeleriň zamanyndaky talaplara laýyklykda ilata tiz we amatly bank hyzmatlaryny hödürlemekden ugur alyp, şeýle hem ilatyň isleglerini göz öňünde tutup, bank hyzmatlaryny kämilleşdirmek maksady bilen özüniň döredilen senesinden bäri müşderilere ýokary derejede hyzmaty ýerine ýetirmäge uly üns berýär. Bank hemişe ýerine ýetirýän amallaryny giňeltmegi, bank hyzmatlarynyň dürli görnüşlerini girizmegi we olaryň hilini ýokarlandyrmagy başardy.

«Senagat» PTB-y  2001-nji ýylda Moskwanyň  «Western Union DP Wostok» atly bank däl karz guramasy bilen şertnama baglaşyp, ýurdumyzda ilkinji bolup “Western Union” pul geçirimlerini ýola goýdy. Geçirimler fiziki şahslaryň arasynda bank hasabyny açmazdan amala aşyrylýar. Western Union ulgamy  adatça pul serişdeleriniň dünýäniň islendik ýurduna tiz geçirilmegini üpjün edýär. Kime pul geçirimi ugradylan bolsa, ol birnäçe minutdan geçirimi alyp biler. Bu bolsa, Siziň wagtyňyzy tygşytlap, Sizden uzak aralykda ýerleşýän garyndaşlaryňyza pul kömegini bermäge mümkinçilik berýär.

Biziň hyzmatlarymyz