Karz hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl
Ortaça aýlyk tölegiňiz: 0

Сообщение об ошибке

  • Notice: Undefined offset: 1 в функции tb_megamenu_insert_tb_item() (строка 343 в файле /var/www/user398/data/www/senagatbank.gov.tm/sites/all/modules/tb_megamenu/tb_megamenu.functions.inc).
  • Notice: Undefined offset: 2 в функции tb_megamenu_insert_tb_item() (строка 343 в файле /var/www/user398/data/www/senagatbank.gov.tm/sites/all/modules/tb_megamenu/tb_megamenu.functions.inc).

Ilatyň goýumlary

«Senagat»PTB-y üçin ilatyň goýumlaryny çekmek bank amallarynyň wajyp görnüşleriniň biri bolup durýar.

Häzirki wagtda «Senagat» Paýdarlar Täjirçilik banky ilatyň serişdelerini dürli görnüşli depozit goýumlaryna çekmek boýunça amallary amala aşyrýar we goýum görnüşi esasy iki sany topara bölünýär:

а) berilmegi talap edilýänçä goýumlar;

б) möhletleýin depozit goýumlary.

«Senagat»  PTB-y oňa tabşyrylan pul serişdeleriniň doly abatlygyny we goýumçynyň ilkinji talaby boýunça berilmegini kepillendirýär.

«Senagat» Paýdarlar Täjirçilik banky ilata milli manatda aşakdaky görnüşlerdäki goýumlary hödürleýär:

  • berilmegi talap edilýänçä goýum;

  • çagalar üçin maksada gönükdirilen goýum;

  •  «Ene-atalar barada alada» depozit goýumy;

  •  «Halkyň saglygy–ýurduň baýlygy» depozit goýumy;

  •  «Çagalar biziň gelejegimiz» depozit goýumy;

  •  «Täze manat-täze durmuş» depozit goýumy;

  • "Amatly" depozit goýumy;

  • “Goýum bank karty” goýumy.

Berilmegi talap edilýänçä goýum– goýumyň iň ýaýran görnüşi. Goýumyň bu görnüşi goýulan serişdeleri eýeleriniň ilkinji talap etmegi boýunça almak mümkinçiligini berýär. Pul serişdeleri şeýle hasaplara nagt we nagt däl görnüşinde kabul edilýär we bölekleýin ýa-da tutşulygyna çykarylýarlar. Bu howpsuz we tygşytly usul. Bu hasaplaryň esasy ähmiýeti – olaryň ýokary derejedäki akyjylygy, bu hasaplaryň töleg serişdesi hökmünde gönüden-göni ulanyp bolmak mümkinçiligi. Goýumçy üçin goýumyň bu görnüşiniň esasy ýetmezçiligi – girdeji hakynyň pes göterimi.  Bu goýumdan pullaryň berilmegi pullary alyjynyň şahsyýetini kepillendirýän resminamanyň görkezilmegi boýunça amala aşyrylýar.

Berilmegi talap edilýänçä goýum -  ýyllyk 0,5%, goýum goýumçynyň islegine görä tölenilýär.

Goýumlaryň dürli görnüşleriniň arasynda iň giňden ýaýranlary depozit goýumlarydyr. Depozit goýumy nagt pul görnüşinde belli bir adamyň adyna pasportyny görkezmegi arkaly kabul edilýär. Bu hasaplar boýunça ilkinji goýumyň jemi öňünden gürleşilýär. Depozit hasaplary boýunça göterimler öz wagtynda geçirilip durulýar we bank öz tarapyndan hasabyň eýesine geçirilen göterimleriň bökdençsiz  geçirilmegini kepillendirýär. Ýöne depozit goýumy wagtyndan öň alnan ýagdaýynda goýumçy ýokarlandyrylan göterimlerden mahrum bolýar we  şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, berilmegi talap edilýänçä goýumda göz öňünde tutulan göterimler tölenilýär  .

Çagalar üçin maksada gönükdirilen goýum– garyndaşlyk gatnaşygyna bagly bolmazdan, şahslardan 16 ýaşyna çenli çagalaryň adyna kabul edilýär we onuň saklama möhleti kämillik ýaşyna ýetýänçä bolup, ýyllyk 6 göterimden ybaratdyr. Ilkinji goýumyň jemi 20 manatdan az bolmaly däl. Göterimler her aýda hasaplanylýar we tölenýär.

«Ene-atalar barada alada» depozit goýumy–saklanyş möhleti ýyllyk 10 % boýunça 6 aýdan 1 ýyla çenli. Depozitiň bu görnüşi pensionerler üçin ýörite işlenip düzüldi. Pension şahadatnamasy görkezilende, ilkinji goýumyň jemi 20 manatdan az bolmaly däl. Göterimler her aýda hasaplanylýar we tölenýär.

«Halkyň saglygy – ýurduň baýlygy» depozit goýumy- saklanyş möhleti ýyllyk 5 % boýunça 6 aýdan 1 ýyla çenli. Goýum meýletin saglyk ätiýaçlandyryş şertnamasyny baglaşan raýatlar üçin ulanylýar. Saglyk ätiýaçlandyryş pasporty görkezilende, ilkinji goýumyň jemi 20 manatdan az bolmaly däl. Göterimler her aýda hasaplanylýar we tölenýär.

«Çagalar biziň gelejegimiz» depozit goýumy- saklanyş möhleti 1 ýyl. Goýumlar 16 ýaşyna çenli çagalaryň adyna garyndaşlyk gatnaşygyna bagly bolmazdan, şahslardan çaganyň dogulyş hakyndaky şahadatnamasy görkezilende ýyllyk 7 göterimi bilen açylýar. Bank çaganyň doglan gününe ýadygärlik sowgadyny gowşurýar. Şertnamanyň möhleti tamamlananyndan soňra, goýumy goýumçynyň özi, onuň ene-atasy ýa-da kanuny welilleri alyp bilýärler. Ilkinji goýumyň jemi 100 manatdan az bolmaly däl. Göterimler ýylyň ahyrynda hasaplanylýar we tölenýär.

«Täze manat-täze durmuş» depozit goýumy- saklanyş möhleti ýyllyk 10 % boýunça 1 ýyl. Ilkinji goýumyň jemi 2000 manat. Göterimler her aýda hasaplanylýar we tölenýär.

"Amatly" depozit goýumy-  ilkinji goýumyň möçberi azyndan 1 000 manat bolup, möhletlerine bagly aşakdaky ýagdaýlarda göterimler bellenilendir:

·  saklanyş möhleri 1 aý –  ýyllyk 1,5% ;

·  saklanyş möhleri 3 aý –  ýyllyk 3 %;

·  saklanyş möhleri 6 aý –  ýyllyk 4,5%;

·  saklanyş möhleri 9 aý –  ýyllyk 7 %;

  • saklanyş möhleri 12 aý –  ýyllyk 9 %.

Göterimler her aýda hasaplanylýar we tölenýär.

Biziň hyzmatlarymyz