Karz hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl
Ortaça aýlyk tölegiňiz: 0

Сообщение об ошибке

  • Notice: Undefined offset: 1 в функции tb_megamenu_insert_tb_item() (строка 343 в файле /var/www/user398/data/www/senagatbank.gov.tm/sites/all/modules/tb_megamenu/tb_megamenu.functions.inc).
  • Notice: Undefined offset: 2 в функции tb_megamenu_insert_tb_item() (строка 343 в файле /var/www/user398/data/www/senagatbank.gov.tm/sites/all/modules/tb_megamenu/tb_megamenu.functions.inc).

Bank kartlary

Hormatly bank kartlarynyň eýeleri!

 

“Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky, bank kartyny howpsuz ulanmagyň ygtybarlygyny we goraglylygyny üpjün etmek üçin şu aşakdaky kadalary berjaý etmelidigini ýatladýar:

  • Öz bank kartyňyzy keseki adamlaryň ulanmagyna ýol bermezligi;

  • Başga biriniň kartyny ulanmagyň gadaganlygyny;

  • Bank kartynyň PIN-kody barada maglumatyň hiç kime aýan edilmezligini we gizlin saklanmagyny;

  • Bank kartynyň PIN-koduny kart bilen bilelikde saklamagyň gadaganlygyny we kartyň ýüzüne ýazmazlygy;

  • Bankomatlarda nagt pul almakçy bolan pursatlaryňyzda nätanyş adamlaryň golaý durmazlygy üçin duýdurmaklygy;

  • Bankomatlarda PIN-kody girizilen pursatynda keseki adamlaryň görmeginiň öňüni almagy.

Şu kadalaryň doly we dogry berjaý edilmegi kart hasabyndaky pul serişdeleriniň goraglylygyny üpjün eder.

Bank kartyňyz bilen bagly soraglar ýüze çykan ýagdaýynda, hyzmat edýän bankyňyza ýüz tutmak maslahat berilýär.

Biziň salgymyz: Aşgabat ş.,S.Türkmenbaşy şaýoly, 126 jaý.

Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz:  46-88-12(1095,1096,1098)

 

Siziň gelejegiňiz biziň bilen!

«Senagat»  Paýdarlar Täjirçilik banky Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabryndaky № 13240 we 2012-nji ýylyň 6-njy iýulyndaky № 12429 belgili Kararlaryny ýerine ýetirmek we milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak, onuň durnuklylygyny ýokarlandyrmak, nagt däl görnüşindäki milli manatdaky bank kartlarynyň hyzmatlarynyň ulgamyny giňeltmek  boýunça öňünde goýlan meseleleri ýerine ýetirmek maksady bilen 2009-njy ýylyň başyndan ýörite bank kartlaryny girizdi. Bu ulgam Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan hödürlenildi. Häzirki wagtda bank 270 000 gowrak müşderilere hyzmat edýär.

Bank karty Türkmenistanyň çäklerinde ulanmak üçin nieýlenendir we häzirki wagtda müşderilere aşakdaky görkezilen hyzmatlary hödürleýär:

- islendik edara görnüşli taraplaryň işgärleriniň aýlyklaryny bank kartyna geçirmek we bermek;

- özüňiz üçin islendik oňaýly wagdta Siz bankomatdan pul serişdelerini alyp bilersiňiz;

- Siziň serişdeleriňiziň ygtybarly saklanylmagyny üpjün etmek;

- islendik wagt özüňiziň hasabyňyzdaky galyndyny bilip bilersiňiz;

- pul serişdelerini nagt görnüşde ýanyňyz bilen götermek zerurlygy ýok;

- bank amallaryny ýerine ýetirmek üçin wagtyň tygşytlanylmagy;

- Siz gije-güje-gündiziň dowamynda öz hasabyňyzdan pul serişdelerini alyp bilersiňiz;

- Siz ýurdumyzyň çäklerinde islendik nokada pul serişdelerini ugradyp bilersiňiz;

- Siz karzyň nagt däl gönüşindäki tölegini amala aşyryp bilersiňiz;

- Siz aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölegi bankomatyň we internediň üsti bilen amala aşyryp bilersiňiz;

- söwda merkezlerinde satyn alnan harytlaryň tölegini nagt däl amala aşyryp bilersiňiz;

- “Internet bank” we “Mobil bank” hyzmatlaryndan peýdalanyp bilersiňiz.

«Bank karty» näme we ol özünde nähili amatlyklary jemleýär ?

Bank karty – bu Siziň ygtybarly gapjygyňyz. Bank karty ýitirilen ýagdaýynda ony dikeldip bolýar, ýöne Siziň nagt pullaryňyz ýitse welin, ony gaýtaryp bolmaýar. Bu bolsa, bank kartynyň iň esasy amatlygydyr. Şeýle sorag ýüze çykyp biler: «Men aýlyk hakymy plastik kartynyň üsti bilen ýa-da nagt görnüşinde almagymyň tapawudy näme?», şeýlelikde, bu Siziň gymmatly watgyňyzy tygşytlaýar, bank kartynyň üsti bilen Siz islendik wagt, has takygy, gijede, gündizem, iş we dynç alyş günleri öz aýlyk hakyňyzy tutuşlygyna ýa-da bölekleýin, bankomatyň üsti bilen alyp  bilersiňiz.

«Senagat» Paýdarlar Täjirçilik bankynyň ilata hödürleýän bank kartlary gelejekde köp maksatlary meýilleşdirýär. Ýakyn wagtlarda ol öz müşderlerine nagt däl görnüşdäki hasaplaşyklaryň täze dürli görnüşlerini hödürlemekçi.

 

“Goýum bank karty” goýumy - “Senagat” Paýdarlar täjirçilik banky ýyllyk 6 göterim möçberi bilen “Goýum bank kartyatly täze kart hyzmatyny hödürleýär. Siz bu goýum bank kartynyň üsti arkaly aşakdaky amatlyklardan peýdalanyp bilersiňiz:

  • “Goýum bank kartyna”çäklendirilmedik möçberde nagt pul serişdelerini goýmaga we islendik wagtda ähli möçberini Bankdan yzyna almak;

  • Söwda we hyzmat ediş nokatlarynda nagt däl hasaplaşyklary geçirmek;

  • “Goýum bank kartynyň” bankomtlardan nagt pul almak hem-de “Internet bank” we “Mobil bank” hyzmatlarynyň üsti bilen degişli edara gitmezden öýjükli telefonlaryň hyzmaty, «Türkmentelekom» döwlet elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň hödürleýän internet hyzmaty, «Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hödürleýän internet, öý telefon we IP-TV hyzmatlary üçin tölemek, ipoteka karzlaryny gaýtarmak we olaryň göterimlerini tölemek, müşderiniň öyjükli telefonlaryna SMS arkaly bank kart üsti bilen geçirilen amallary boýunça habar bermek ýaly mümkinçiliklerden peýdalanyp bilner;

“Goýum bank kartyny” açmak üçin “Senagat” Paýdarlar täjirçilik bankynyň Baş edarasyna hem-de şahamçalaryna ýüz tutup bilersiňiz.

«Senagat»Paýdarlar täjirçilik banky “Goýum bank karty” boýunça Size hyzmatlaryň görnüşi bolan «Cash back» ýagny höweslendiriş hyzmatlaryny hödürleýär.

Bu hyzmatyň aýratynlygy müşderiler tarapyndan iri söwda, jemgyýetçilik iýmiti we hyzmat ediş nokatlarynda ornaşdyrylan töleg terminallary arkaly «Goýum bank kartyň» üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyk geçirilen möçberiniň 1% aýyň ahyrynda bank tarapyndan müşderiniň bank kartyna geçirilýär.

Mundan beýläk hem «Senagat» PTB-y Türkmenistanyň Häkimiýetiniň syýasaty bilen düzgünleşdirilýän depozit syýasatynyň esasy ýörelgelerini saklar we ol Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň düzgünleşdirilmegi  we ösmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine gönükdiriler.

Biziň hyzmatlarymyz