Karz hasaplama

Walýuta
Göterim
Jemi pul
Ýyl
Ortaça aýlyk tölegiňiz: 0

Сообщение об ошибке

  • Notice: Undefined offset: 1 в функции tb_megamenu_insert_tb_item() (строка 343 в файле /var/www/user398/data/www/senagatbank.gov.tm/sites/all/modules/tb_megamenu/tb_megamenu.functions.inc).
  • Notice: Undefined offset: 2 в функции tb_megamenu_insert_tb_item() (строка 343 в файле /var/www/user398/data/www/senagatbank.gov.tm/sites/all/modules/tb_megamenu/tb_megamenu.functions.inc).

Bank barada maglumat

«Senagat»  Paýdarlar täjirçilik banky Türkmenistanda döredilen ilkinji täjirçilik banklaryň biri bolup, ol 22 sany esaslandyryjylar-paýdarlar tarapyndan 1989-njy ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmen täjirçilik banky hökmünde döredildi. Banky döretmegiň esasy maksady – söwda we önümçilik bilen meşgullanýan huhusy telekeçileri we kärhanalary goldamakdan ybaratdyr.  1993-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Türkmen täjirçilik banky «Senagat» Paýdarlar täjirçilik bankyna öwrüldi. 

            Häzirki wagtda «Senagat» PTB-y açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bolup, Türkmenistanyň «Kredit edaralary we bank işi hakynda», «Paýdarlar jemgyýeti hakynda» kanunlaryna we beýleki kanun çykaryjy namalaryna we Bankyň Tertipnamasyna laýyklykda öz işini alyp barýar.  

            Bankda 13 sany şahamça - 9 sany welaýat merkezinde, 2 sany Aşgabat şäherinde we 2 sany Balkan welaýatynyň Serdar we Türkmenbaşy şäherlerinde we 1 sany gullugy – Daşoguz welaýatynyň Gubadag şäherlerinde müşderilere hyzmat edýär. Bankyň hyzmat edýän müşderileriniň sany 371 müňden gowurak  bolup, olaryň 98% fiziki taraplar we hususy telekeçilerdir.

GYMMAT BAHALY KAGYZLAR

«Senagat» Paýdarlar Täjirçilik banky döredilen pursatyndan bäri adaty paýlaryň 20-siniň çykarylyşy bolup, olar Türkmenistanyň Merkezi bankynda hasaba alyndylar.

            01.04.2020 –ýylyň ýagdaýyna görä, bankyň esaslyk maýasy bellenen we hakyky tölenen  31 000 müň manada barabardyr   Şu wagta çenli bankyň paýdarlarynyň sany 1 840 golaý bolup,olaryň 38 göterimini edara görnüşli taraplar we telekeçiler, 62 göterimini bolsa, fiziki şahslar. 

Biziň hyzmatlarymyz