Kredit hasaplama

Walyuta
Goterim
Jemi pul
Yyl
Ortaca aylyk toleginiz: 0

Mahabat

Geljege nazarlanan forum.

Köpimize mälim bolşy ýaly, Hazar deňziniň hukuk derejesini resmileşdirmek üçin Hazarýaka döwletleri gepleşikleri 1996-njy ýyldan bäri geçirýärdi. Ilkinji kadalaşdyryjy Resminama, 2003-nji ýylyň noýabr aýynda bäştaraplaýyn gol çekildi. Ol Hazar deňziniň gurşawyny goramak boýunça Konwensiýa boldy. Şol Konwensiýa 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda güýje girdi.

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde geçirilen Bäşinji Hazar sammitiniň çäklerinde Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýa gol çekilmegi taryhy waka boldy. Häzirki wagtda 12-nji awgust sebitde Hazar deňziniň güni hökmünde bellenilýär.

Sammitiň netijeleri boýunça Hazarýaka döwletleriň Prezidentleri Kommýunike kabul etdiler. Bu Resminamada Hormatly Prezidentimiz tarapyndan öňe sürülen 2019-njy ýylda Türkmenistanda birinji Hazar ykdysady forumyny geçirmek baradaky başlangyjy öz beýanyny tapdy. Bu çäre gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de Hazarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem berkitmekde möhüm tapgyr boldy.

2019-njy ýylyň awgust aýynda geçirilen ykdysady forum hem şol ýokary derejede geçirilýän çäreleriň biri bolup durýar. Bu foruma myhmanlar diňe Hazarýaka döwletlerden däl-de, eýsem beýleki daşyrak döwletlerden geldiler. Bu habaryň özi, Hazar deňziniň logistiki taýdan öňaýly ýerleşmegi sebäpli, söwda edýän döwletler üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny subut edýär. Ilkinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi ähli gatnaşýan döwletleriň, gepleşik geçirmegi üçin oňaýly meýdança boldy. Bu forumda, döwletleriň meýilleşdirýän uly taslamalary we olary amala aşyrmakda goňşy döwletleriň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ykdysady forum Türkmenistanyň Prezidentiniň çykyşy bilen başlady. Ol öz çykyşynda, gelen myhmanlaryň foruma gatnaşmak üçin iberilen çakylyga dessine jogap berip, foruma gelenlikleri üçin minnetdarlyk bildirdi. Foruma gatnaşmak üçin Hazarýaka we beýleki döwletleriň hökümediniň baştutanlarynyň, onlarça döwletleriň dürli ugurlar boýunça wekillik edýän ilçileriniň, ykdysatçylaryň, telekeçileriň, ekologlaryň, alymlaryň we žurnalistleriň gatnaşýandygyny aýtdy. Çykyşyň dowamynda Hazar deňziniň töweregini ösdürmeginiň köpugurly gepleşikleriniň möhümligi hakynda, Hazar deňzinde özara bähbitli gatnaşyklarynyň ygtybarlylygy hakynda agzaldy. Dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman talaplaryndan ugur alyp gurnalan aragatnaşyklar täze ygtybarly mümkinçilikleriň döremegine getirýär.

Hormatly Prezidentimiz, gatnaşýan döwletleriň, forumy geçirmek teklibini goldamagy we geçirilmegi üçin taýýarlyga höwesli gatnaşanlary üçin minnetdarlyk bildirdi. “Şu gün Hazar deňzi, oňaýly geosyýasat şertleriniň jemlenýän zolagy diýip hasaplanýar. Şu zolakda diňe Hazarýaka döwletleriň bähbitleri jemlenmän eýsem beýleki döwletleriň hem bähbitleri bar – muňa Hazar deňziniň ýerasty uglewodorod baýlyklaryna baýlygy, döwletara ýük gatnatmak üçin oňaýly logistiki şertleriniň bolmagy we geljekde söwda-hyzmatdaşlyk aragatnaşyklarynyň gerimini giňeltmek üçin ygtybarly zolak bolýanlygy sebäp bolýar” - diýip Hormatly Prezidentimiz belledi.

Hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň ekologiýa meselelerine myhmanlaryň ünsüni çekip, meýilleşdirilýän taslamalarda häzirki zaman ekologiýa talaplaryny üpjün etmegi ýola goýmaga çagyrdy.

Hazarýaka döwletleri durmuş-ykdysady tarapdan ösdürmek üçin, öňümizde goýulan wezipeleri amala aşyrmaklyga üns bermelidigini we şol wezipeleriň ýerine ýetirilmegine itergi berip biljek energetika ugurlary boýunça taslamalaryň hem aýratyn möhümligi hakynda agzaldy. “Hazar deňziniň ýerasty baýlyklary, Hazarýaka döwletleriň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine uly itergi bermek bilen bu döwletleriň çäginde täze senagat obýektleriniň döremegine getirer” diýip Hormatly Prezidentimiz belledi. Bu öz gezeginde sosial taýdan oňaýly şertleriň döremegine sebäp bolýar: täze iş orunlaryň döremegi, ilatyň ýaşaýyş şertleriniň gowulanmagy, sosial infrastrukturasynyň gurluşygynyň alnyp barylmagy – mekdepler, çagalar baglary, hassahanalar.

Ilkinji Hazar ykdysady forumynyň geçirilmegi ýurdumyz üçin uly dabaraly we garaşylýan wakalaryň biri boldy. Gelen myhmanlardan daşary ýurtly we ýerli žurnalistler interwýu aldylar. Myhmanlar geçirilen çärelere ýokary baha berip ähli çäreleriň ýokary derejede geçirilendigi tassykladylar. Geçirilen çäreleriň içinde, innowasiýalara bagyşlanyp gurnalan sergini agzap geçmek gerek. Ýokary derejede gurnalan sergi telekeçileriň we syýasatçylaryň özara pikir alyşmaga we hödür edilýän hyzmatlar bilen şol sanda sanly ulgamda hödür edilýän hyzmatlar bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi.

Şeýle ýokary derejeli halkara çäreleriň geçirilmegi, biziň ýurdumyzyň dünýä ýüzünde abraýynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijeler, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň miweleri bolup durýar we çärelere gatnaşýanlarda uly guwandyrma duýgusyny galdyrýar.

 

Wepa Allamyradow,

“Senagat” PTB-nyň Awtomatizasiýa

Müdirliginiň başlygynyň orunbasary.

 

Категория: 

Biziň hyzmatlarymyz